Welsapar – busurlyp ýatan masgarabaz

Перейти вниз

Welsapar – busurlyp ýatan masgarabaz Empty Welsapar – busurlyp ýatan masgarabaz

Сообщение  Гарамаяк в Сб Май 25, 2019 12:00 pm

Şu güne çenli Internetde özüni “oppozisiýa”, “aktiwist” ýa “adamyň hukugyny goraýjy” diýip atlandyrýan “ýewropaly türkmenlerden” her hili spektakllara tomaşa etdik.
 Welsapar – busurlyp ýatan masgarabaz _aa11
Pul üçin edildimi, baýrak üçin edildimi, at üçin edildimi – ony bilemok, bilýänem ýok. Goýan spektakllary zir-zibilleriň köpeltmekden başga derde ýaramady. Bolsa-da daşky gurşawy ýa tebigaty hapalanoklar. Onda-da Internete nebsim agyrýar...
Emma esasy täzelik başga ýerden geldi. “Nahal” lakamy bilen tanalýan Akmuhammet Welsapar “YouTube” saýtyndaky sirkinde täze bir döredijilige baş goşdy: komediýa. Edil Çarli Çapliniň derejesinde bolmasa-da, ýüregiň gysan wagty (mugt bolsa) tomaşa edeniňe degýär. Aýdyşlaryna görä, az çykdajyly artist aňsat-aňsat tapdyrmansoň, häzir Golliwud bilen “Universal Pictures Entertainment” Welsapara masgarabaz roluny bermek üçin özara bäsleşige başlapdyrlar. Welsaparyň göwni bolsa “Nobel” baýragynda. “Nobel” komitetiniň Düzgünnamasynda bolsa masgarabazlyk üçin baýrak kategoriýasy ýok.
Indi Welsapara nebsim agyryp başlady. Ýüregim ýukarak bolansoň, mugt maslahat bereýin diýen netijä geldim. Belki, komediýa industriýasyndaky döredijilik gazanjyndan maňa-da paý berer. Ynsap özünde!
Birinjiden, şizofreniýa keseliniň alamatlaryndan ejir çekýän artistlere wezipe berlenok. Şonuň üçin, “YouTube” sahnasynda çykyş etmezden öň, Welsapar hökmany suratda psihiki keseller boýunça lukmanyň maslahatlaryna eýermeli. Ikinjiden, “Nobele” dyzanyndan, “Golliwud” netijeliräk bolar - Günbatarda masgarabazlar hem az gazananoklar. Üçünjiden, bilip bolmaz, birden Häsiýetnama soraýsalar, eger-eger Türkmenistandaky öňki kärdeşleriniň ýa ýewropadaky egindeşleriniň adyny bermese kem bolmaz. Iki Jahanyň owarrasy bolsaň, öz häsiýetleriňe we ukyplaryňa kepil geçjek adam tapdyranok. Juda gerek bolsa, öz-özüne öwgüli Häsiýetnama ýazmaga Welsapar nähilem bolsa endik eden artist. Dördünjiden, “YouTube” saýtynda goýýan sahnalaryny patentletmeli (Welsapar Video Entertainment). Bolmasa, başga biri ulanaýsa, bary biderek bolar. Bäşinjiden, öz kütek syýasy garaýyşlaryny başgalaryna aýdyp bermeli däl. Amerikada ýa Ýewropada boş gep-gürrüňler bilen syýasy pikir-garaýyşlaryň arasynda ullakan tapawut bar. 25 ýyldan gowrak wagtyň içinde şoňa düşünmedik adam üçin indiden soň giç. Altynjydan, birden ýoldaş gerek bolaýsa, Kanadada ýaşaýan ýene bir masgarabaz bar. Bir almany ikä bölen ýaly, biri-birleriniň kem ýerlerini düzedip biljege meňzeýärler. Ýekeje deň gelmeýän zat - okeanyň aňyrsyndaky masgarabaz “Nobele” ymtylanok.
Masgarabazlyk käriniň iň oňaýly tarapy – samsyklygyň çägi ýok, düzgün ýok, tertip ýok, üstüňden näçe köp gülseler, şonça-da şowly bolýar. Bu kär sahnadaky sähne Welsaparyň çep elinden gelýär. Welsaparda bular ýaly ukyp barka, ony birzatlar edip girdejä öwürjek bolmaly. Öz kesbinden kemal tapmady, ýazyjy bolubam agzy ýagjarmady, emma masgarabazlykdan çörek bolar. Ýaşynyň soňuna golaýlan adam, eden azabynyň hözirini görse ýagşy!

Гарамаяк

Сообщения : 9
Дата регистрации : 2012-10-16

Вернуться к началу Перейти вниз

Вернуться к началу


 
Права доступа к этому форуму:
Вы не можете отвечать на сообщения