Открытый форум Туркменистана
Вы хотите отреагировать на этот пост ? Создайте аккаунт всего в несколько кликов или войдите на форум.

«At göçüm» edýän at ogrusy Geldi Kärize

Перейти вниз

«At göçüm» edýän at ogrusy Geldi Kärize Empty «At göçüm» edýän at ogrusy Geldi Kärize

Сообщение  Talyp Пт Апр 06, 2018 3:03 pm

Daşary ýurtda okaýan talyp hökmünde internetde Geldi Kärizow atly saçyna ak giren, ýöne başyna akyl girmedik bir adamyň kameranyň öňünde samrap duran wideosyny görüp, onuň aýdan zatlaryndan özüm utandym. Çünki türkmenleriň arasynda-da beýle nadanlaryň ýüze çykýandygyna namys etdim.

Biz näme ene-atamyzy taşlap, daşary ýurtlara gaýdyp, bärde okaman adam satyp ýörene meňzeýäsmi? Seniň ýanyňa barýanlar, seniň bilen gatnaşýanlar şolar ýalydyr. Seniň çagalaryň bilen heleýiň daşary ýurtlara gidip pula satylyp ýörendir.

Men şol wideony görüp, G.Kärizowyň daşary ýurda çykyp özüniň dogduk mekanyny pula çalyşan adam hökmünde garaýan.
Biziň ata-enelermize bigaýratlar diýen bolup, özi bigaýrat adama meňzeýär. Ýurduň içindekä, wezipede otyrka ähli zatlar gowy, işden çykan soň, puldan kesilip, abraýdan düşen soň bolsa, hemme zatlar tersine.

Gaýratly bolsaň samsyk pikiriňi ýurtda ýaşaýarkaň aýtmaly ekeniň, daşary ýurda çykansoň bokurdagyňa boş sözler bilen zor salýaň.

Kameraň öňünde bolşuňy görüp, Golliwudyň zehinsiz aktýorlaryna meňzetdim. Türkmenistan barada janypkeş boljak bolup aktýor maskasyny emelsiz geýen Kärizowa pul berilýän bolmaly. Ýogsam munuň ýaly ysnatlar peýda bolmasa barmagyny-da gymyldatmaz. Pul üçin namysyny hem satar. Men seniň kimdigiňi bilesim geldi. Seniň bu çykyşyňdan soň, mende sen barada şeýle pikir döredi. Sen maşgalaňy, türkmen ojagyňy hem gönendirmedik adam bolmaly.

«At ogurlamak» - diýýäň welin, diýilýän bolsa dogrudyr – «ýel bolmasa, çöp başy yralmaz», diýipdirler ata-babalarymyz. Bolup oturşyň, aýdýan zatlaryň şular bolsa, senden her zat çykar. Bar gahrymanlygyň türme tussaglygynda oturanyň. Namysly adam beýle zady aýtmakdan ileri, ýadyna düşürmegi hem özüne utanç hasaplardy. Seniň bolsa diliňden «Owadan depe » söz düşenok.

Men millet saýlaýan oglan däl. Ýöne sen «ýewreý» milletine degilenine gaharyň gelýär. Näme sen «ýewreými?». Umumy ýaşaýyş jaýynda bile ýaşaýanlarymyň hemmesi başga milletlerden. Olar bilen agzybir ýaşaýarys. Olar Türkmenistan barada gowy pikirde. Ýöne seniň ýaly haramzada adamlar Türkmenistan barada alada eden bolup, gaýtam göbek ganyň daman ýerini, dogduk mekanyňy daşary ýurt raýatlarynyň arasynda abraýdan düşürýär. Watanyň barada alada edýän bolsaň gowy ýerlerini hem aýtmaly ekeniň. Watanyň abraýy saňa gerek dälmi?!

Seniň bolup oturşyňda, edýän gürrüňleriňde many ýok. Öňüne ýal oklanan it ýaly, pul üçin aýt diýilýän zatlary aýdyp oturan ýene bir haramzada nadanyň döränine göz ýetirdim.

Talyp
Гость


Вернуться к началу Перейти вниз

Вернуться к началу

- Похожие темы

 
Права доступа к этому форуму:
Вы не можете отвечать на сообщения