Barha maýmyna öwrülip barýan Rahman Agaýewe
Страница 1 из 1
Barha maýmyna öwrülip barýan Rahman Agaýewe
Men-ä haýran, adamlar,
“Rahman” diýlen haýwana –
Ýaş barsa hem altmyşa,
Düşenok ol hiç mana.
Diýse diýsin alymlar:
“Adam maýmyndan dörän”.
Rahmanyňky tersine –
Ol maýmyn bolýar, göräý!
“A” harpyndan şermende,
Ile akyl satjak sen.
Agzyňdan gaçýar pohuň,
Özüň ryswa etjek sen.
Nä ýüzüňe gürleýäň?
Gopbam, samsyk, beýni az.
Özüňden habaryň ýok,
Buda siýýän beçebaz.
Tersýoňka hem bidöwlet,
Ata pendin almadyň.
Ak süýt beren Ejeňi
Jaýlamaga gelmediň.
Ýoluňa bakan Ene
Gün hasabyn çaşyrdy.
“Razy bol” -am diýmediň –
Amanadyn tabşyrdy...
Çagalaň sen sebäpli
Utanmak üçin doglan –
Ar-namysa çydaman,
Dünýeden ötdi oglan...
Ogluň – merhum Serdary,
Bilgin diri ýakanyň!
Musulmana salmasyn
Seniň ýaly kakany.
Maşgala abraý ýerne
Masgaralyk getirdiň.
Ata-ene, perzendi
Ölüm hala ýetirdiň.
Olar seň üçin, Rahman,
Gözün açyp gitdiler.
Hem saňa iman diläp,
Hak ýanyna ýetdiler.
Sen bolsa meýden doýup,
“Karatist”-mişiň misli.
Kameranyň öňünde
Bolýaň “Rahman-Brýus Li”!
Ynsap, ýürek ýok sende,
Hiç bir duýaňok aýbyň.
Şoň üçin sen ynsan däl,
Sen – gülkünç, garry maýmyn.
Ýat ilde bagt tapjakdyň,
Meýilleriň bolmady.
Ýurdyň, hossaryň satdyň,
Sende hiç zat galmady.
Zerre gaýratyň bolsa,
Ýer ýarylsyn – senem gir!
Aý.., ýöne bilmedim-dä,
Seň ýalyny almaz gör...
Sapar Çöliýew- Гость
Похожие темы
» Barha maýmyna öwrülip barýan Rahman Agaýewe - wideo akly çaşan garry hakda
» Torontoly Rahman Agaýewe ...
» Wah, adyň Rahman...
» Torontoly Rahman Agaýewe ...
» Wah, adyň Rahman...
Страница 1 из 1
Права доступа к этому форуму:
Вы не можете отвечать на сообщения
|
|