Открытый форум Туркменистана
Вы хотите отреагировать на этот пост ? Создайте аккаунт всего в несколько кликов или войдите на форум.

Ilki çagalaryňa eýe çyk, soň başgalaryň aladasyny et

Перейти вниз

Ilki çagalaryňa eýe çyk, soň başgalaryň aladasyny et Empty Ilki çagalaryňa eýe çyk, soň başgalaryň aladasyny et

Сообщение  Köne Tanyşow Пн Апр 03, 2017 1:13 pm

Men şuny ýazmak bilen, gynansamda öňki tanşym Geldi Kärizowyň kimdigini aýdasym gelýär.

Meniň ýaşym birçene baransoň, kän bir internete girip hem bilemokdym. Ýöne ýaş agtyklarym tüweleme bela ýaly, internetiň nämedigini maňa-da öwretdiler. Şondan bäri käwagtlar birnäçe makalalary okaýaryn.

Geldi käbir zatlary meniň bilen maslahatlaşan bolýardy. Ýöne ol soňlar wezipeli adam bolup, meni ýadyndan çykardy. Meniň maslahatlarym oňa gerek hem bolmady. Öňler maslahat soran hem bolsa, öz diýenini ederdi. Men onuň hemme toýuna gatnaşdym. Ýaşkak bezzatçylyk hem edýärdik. Geldi indä meni tanansyň?

Maňa onuň daşary ýurtlara gidenini garyndaşlary bilen duşuşamda aýtdylar. Garyndaşlary bilen häzir hem gatnaşýaryn. Ol soňky aýalyny almazyndan öň hem 3 gezek öýlenip aýrylyşdy. Soňky aýaly Ýulýany alansoň ejesi pahyry hem idemedi. Şol aýalynyň yzyna düşdi ýördi. Dogaladymy nämemi belli däl. Ýöne men Geldiniň ýalan-ýaşryk gürrüňlerine gulak gabardýanlara bir zady aýtmak isleýän. Geldi daşary ýurda gidip, Türkmenistanyň aladasyny eden bolýar. Onuň Türkmenistanda ýaşaýan, has takygy taşlap giden 3 sany aýalyndan 10 sany çagalary galdy. Ol ata hökmünde ilki bilen şol çagalarynyň aladasyny etmeli dälmi??? Şolaryň hiç biri bilen hem gatnaşmaýar. Olaryň aladasyny etmegä däl, ýagdaýlary bilen hem gyzyklanmaýar. Aýaly Ýulýa näme diýse şonuň bilen. Çagalaryny alada etmeýän türkmen ýokdur. Çagalaryny oňarmaýan adamyň başgalar barada aladasy bolarmy. Çagalarynyň köpüsi maşgalaly boldy. Şolaryň hemmesiniň toýlaryna men gatnaşdym, ýöne binamys Geldi heleýinden gorkup olaryň toýlaryna-da gatnaşmady.

Geldi, wezipä bellenip parahor adam bolup gidensoň diňe puluň we heleýiň yşgyna düşdi. Onuň eden etmişleri ýüze çykyp türmä basylyp gitdi. Puldan kesilensoň heleýiniň barmadyk edarasy, kakmadyk gapysy galmady. Geldini möhletinden öň türmeden boşatdylar. Türmeden gelensoň men onuň bilen birnäçe sapar duşuşdym. Ýöne öňküleri ýaly däldi. Ol gaty üýtgäpdir. Soň barmadymam, gatnaşmadymam.

Geldi Kärizow diýilýän adamyň kimdigini ata mährini görmedik çagalaryndan soraň!!!

Geldi, saňa köne dostuňdan dogry habar. Sen heleýiň guly ekeniň. Saňa aýtjak zadym ilki çagalaryňa eýe çyk, soň başgalaryň aladasyny et.

Köne Tanyşow
Гость


Вернуться к началу Перейти вниз

Вернуться к началу


 
Права доступа к этому форуму:
Вы не можете отвечать на сообщения